Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Müňlerçe adamyň Garabagdan gaçmagynyň yzysüre Erdogan Alyýew bilen duşuşar

Azerbaýjan geçen hepde bölüniji sebitiň söweşijilerini ýeňeninden soň, müňlerçe etniki ermeniniň Dagly-Garabagdan gaçmagynyň yzysüre, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 25-nji sentýabrda öz ýarany, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen duşuşar.

Erdogan Garabag sebitindäki ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin Ermenistan, Eýran we Türkiýe aralygynda ýerleşýän azeri sebitine, Azerbaýjanyň territoriýasynyň bir zolagy bolan Nahçiwana bir günlük sapar gurar.

Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde halkara derejesinde ykrar edilen, emma mundan öň onlarça ýyl onuň gözegçiliginde bolmadyk Garabag ermenileri geçen hepde has uly azerbaýjan goşunynyň 24 sagatlap dowam eden harby operasiýasyndan soň, atyşygy bes etmäge mejbur edildi.