Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Okuwçylardan mekdep hajathanasyny täzelemek üçin pul ýygnalýar

Türkmenistanyň mekdeplerinde okuwçylardan pul ýygnamak işi dowam etdirilýär. Käbir mekdeplerde okuwçylar diwarlary reňklemek, oturgyç satyn almak ýa-da sowadyjy ýaly enjamlary satyn almak üçin pul tabşyrýan bolsalar, beýlekilerden hajathanany abatlamak üçin serişde soralýar. Ene-atalaryň ýylboýy tabşyrýan pullaryna garamazdan, okuw ýylynyň başynda köp mekdeplerde synp otaglarynyň abatlanmandygy belli boldy.

Paýtagtda 15-nji orta mekdebiň 1-nji we 4-nji synp aralygyndaky klaslaryň okuwçylary 50 manatdan tabşyrmaly boldular diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy mekdepde okaýan çagalaryň ene-atalaryna salgylanyp, habar berdi. Ene-atalaryň sözlerine görä, olara her bir okuwçydan soralýan bu goşandyň aşaky synplar üçin mekdep hajathanasynyň durkuny täzelemek üçin sarp ediljekdigi aýdylypdyr.

“2-nji “D” klasyň okuwçylary eýýäm 50 manatdan pul tabşyrdy.
50 manat tabşyrmadyk okuwçylara hajathanany ulanmaga rugsat berilmejekdigi bilen haýbat atyldy"
- diýip, okuwçylaryň biriniň kakasy aýtdy. Azatlyk Radiosy mekdebiň wekillerinden resmi görnüşde maglumat alyp bilmedi.

Bilim edaralarynyň gşzgyny ýagdaýyny welaýatlardaky mekdeplerde-de görmek bolýar. Hususan-da, Baýramaly şäherindäki 1-nji mekdepde binalaryň fasady abatlanmady, mekdep meýdançalarynda we howlusynda abadanlaşdyryş işleri geçirilmändir. Bu barada mekdebe baran habarçymyz aýtdy.

"Çagam her gün arassa eşiklerde mekdebe gidýär, öýe bolsa üsti hapa dolanýar, aýratynam bu bedenterbiýe sapaklaryndan soň şeýle bolýar. Mekdebiň howlusy we sport meýdançasy gurak howada tozanly we galan wagtlary palçyk bolýar" - diýip, habarçymyz bilen gürleşen okuwçynyň ejesi aýdýar.

Mekdep okuwçylarynyň ene-atalarynyň käbiri özleriniň hem bir wagtlar bu mekdepde okandygyny aýdyp, binanyň uzak wagtlap düýpli abatlanmandygyny belleýärler.

"Men ol ýerde okanymda ol häzirkisinden has ganymat görünýärdi. Indi binanyň diwarlarynyň ýüzi köp ýerlerlerde gupupdyr. Bir wagtlar asfaltlanan ýodalar turbalary gömmek üçin gazylypdyr, emma soň üstüni çala gömüpdirler, asla asfaltlamandyrlar. Ýeke-täk täzelik binanyň töweregine sosna agaçlary oturdylypdyr" - diýip, bu mekdepde bir wagtlar okan ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Mekdep okuwçylarynyň ene-atalary ençeme ýyl bäri mekdebi abatlamak we töwerek-daşy kämilleşdirdmek üçin özlerinden yzygiderli pul ýygnanýandygyny aýdyp, öňyn üýtgetmeleriň ýoklugyna geň galýarlar.

"Synp otaglarynda stollar uzak wagtlap boýag görmedi, oturgyçlar döwük. Bütin synp otagynda diňe iki sany abat oturgyç tapyp bolýar" - diýip okuwçynyň ejesi aýdýar.

Ene-atalaryň sözlerine görä, mugallymlar okuwçylardan ýygnan pullaryň nädip sarp edilýändigini düşündirmeýärler. Azatlyk Radiosynyň hem mekdebiň wekillerinden düşündiriş almak synanyşygy başa barmady.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary şuňa meňzeş ýagdaýyň Mary welaýatynyň köp mekdeplerine degişlidigini belleýärler. Jaýlaryň suwagy wagtynda abatlanman gopýar, gapylar we penjireler köne, naharhanalaryň we sport zallarynyň pollarynda deşikler emele gelýär. Bejergi işleri geçirilse-de, diňe ýüzleý edilýär.

Bejeriş işleri üçin ýygnalýan serişdeden başga-da, mekdeplerdäki klas otaglaryny sowatmak we ýylatmak üçin enjamlara hem pul toplanýar. Köp mekdeplerde ýyladyş ulgamy ýok, ýa-da kadaly işlemeýär. Okuw otaglary güýzde we gyşda sowuk, ýazda aşa yssy bolýar. Ene-atalaryň sözlerine görä, enjamlar üçin pul ýyl-ýyldan ýygnalýar, emma öňki gurallara näme bolandygyny soranlarynda, mugallymlar mydama olaryň döwülendigini aýdýarlar.

Türkmenistandaky mekdeplerde pul toplamak däbi yzygiderli häsiýete eýe boldy, okuwçylardan pul ýylyň dowamynda her aýda diýen ýaly ýygnalýar. Binalary we klas otaglaryny abatlamakdan başga-da, çagalar prezidentiň portretleri, döwlet baýdaklary, nahal oturtmak, şeýle-de bilim edaralarynyň üsti bilen bazar bahasyndan has gymmat satylýan mekdep eşikleri, arassaçylyk we dezinfeksiýa önümleri, şeýle-de mugallymlar üçin sowgat üçin pul tabşyrmaga mejbur edilýärler.

Mugallymlar hem pul tabşyrmaly bolýar. Býujet işgärleri abatlaýyş we abadanlaşdyryş çärelerini, şeýle hem oba hojalyk işlerini maliýeleşdirmäge mejbur bolýarlar. Bujetçiler özlerine derek pagta, kartoşka we şugundyr ýygnatmak üçin pul töläp hakyna işçi tutýarlar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.