Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Russiýaly derňew žurnalisti Soldatow gözlenýänleriň sanawyna goşuldy

Russiýanyň gizlin gulluklarynyň hereketlerine üns jemleýän “Agentura.ru” websaýtynyň baş redaktory, russiýaly žurnalist Andreý Soldatow ýurduň gözlenýänler sanawyna goşuldy.

Soldatow 6-njy iýunda öz adyny Içeri işler ministrliginiň gözlenýänler sanawyndan tapandygyny Facebook sahypasynda ýazdy, hem-de özüniň Russiýadaky ähli bank hasaplarynyň doňdurylandygyny bilip galandygyny sözüne goşdy.

Soldatowyň nähili aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz boljagy mälim däl, ministrligiň bellige alyş sanawy onuň diňe “Jenaýat kodeksiniň bir maddasyny bozany üçin gözlenýändigini” aýdýar.

Soldatow özüne garşy gozgalan işiň belgisiniň žurnalistler Maýkl Nakä we Ruslan Lewiýewe garşy gozgalan işlerden bary-ýogy birnäçe san tapawutlydygyny aýtdy.

Geçen aý Moskwanyň bir kazyýeti, Moskwanyň Ukraina garşy alyp barýan urşy dowam edýän mahaly, Nakini we Lewiýewi rus goşuny barada ýalan maglumat ýaýratmakda aýyplap, olary tussag etmek barada karar çykardy.

Naki rus prezidenti Wladimir Putini tankyt etmekde tanalýan “Moskwanyň ýaňy” (Eho Moskwy) radio stansiýasynyň öňki žurnalistidir.

Lewiýew Ukrainadaky we dünýäniň beýleki künjeklerindäki ýaragly çakynyşklary derňeýän Çaknyşyk Aňtaw Toparynyň esaslandyryjysydyr. Ol ýygy-ýygydan Nakiniň YouTube kanalyna myhman bolýar.