Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Serdar Berdimuhamedowa 'Türkmenistanyň Gahrymany' diýen at dakyldy

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde prezident Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak dabarasy geçirildi diýip, türkmen metbugaty 24-nji sentýabrda habar berdi.

Halk maslahatynyň mejlisinde onuň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow giňişleýin söz bilen çykyş edip, ýurtda gazanylan üstünlikler barada soňky onýyllyklarda gaýtalanýan, emma hakykatda tassyk bolmaýan esassyz sözleri ýene bir gezek gaýtalady.

Gazanylan üstünlikler barada aýdylýanlar prezident Serdar Berdimuhmedowyň sözlän sözünde-de, beýleki çykyp gürlänleriň eden gürrüňlerinde hem gaýtalandy.

Mejlisde çykyş edenleriň käbiri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan çap edilen eserlere hem uly baha berdi.

Halk maslahatynyň mejlisinde, adatça bolşy ýaly, ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, ýönekeý adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan agyr durmuş, iş şertleri, dowam etdirilýän mejbury zähmet, işsizlik we aýlyklaryň az bolýandygy barada hiç bir zat aýdylmady.

Maglumat üçin aýdylsa, Gurbanguly Berdimuhamedow biraz öň aýlyklaryň her ýyl diňe 10% köpeldilmeginiň ýeterlikdigini ýa däldigini sorag astyna alypdy.

S.Berdimuhmaedowa Gahryman adyny dakmak hakyndaky karar Mejlis tarapyndan kabul edildi.

Parlamentiň başlygy Dünýägözel Gulmanowa Mejlisiň prezidente Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda kabul eden kararyny okady we onuň giňden goldanandygy aýdylýar.

Türkmenistanyň Gahrymany diýen at prezidente, resmi habara laýyklykda, “Türkmenistanyň milli garaşsyzlyk esaslaryny, Bitaraplyk ýörelgelerini pugtalandyrmaga goşan ägirt uly şahsy goşandy...” we “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň baýramçylygy mynasybetli dakyldy.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary we synçylar Serdar Berdimuhamedowyň halka beren wadalaryny ýerine ýetirmändigini, Türkmenistanyň dünýäde iň bir ýapyk we repressiw ýurtlaryň biri bolup galýandygyny, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň yzygiderli çäklendirilýändigini aýdýarlar.

“Türkmenistanyň Gahrymany” diýen dereje ýurtda 1992-nji ýyldan bäri berilýär we onuň ilkinji eýeleriniň biri alty gezek “gahryman” bolan Saparmyrat Nyýazowyň kakasy hasaplanýan Atamyrat Nyýazow boldy.

Soňra bu dereje Myratberdi Sopyýew, Sadulla Rozmetow, Gedaý Ahmedow, Saparmämmet Weliýew, Sapyş Çerkezow, Gurbansoltan Eje, Maýa Kuliýewa, Gözel Şagulyýewa, Gurbanguly Berdimuhamedow, Oleg Kononenko, Aksoltan Ataýewa, Çynar Rustemowa ýaly adamlara berildi.

Şeýle-de, S.Nyýazowyň 2000-nji ýylda gol çeken ýörite karary esasynda, Ikinji jahan urşunda Sowet goşunlarynyň hatarynda söweşen hem-de wepat bolan türkmen esgerleriniň ählisi Türkmenistanyň gahrymanlary diýlip yglan edildi.

"Türkmenistanyň Gahrymanlarynyň” käbiri soň häkimiýetler tarapyndan galplykda aýyplandy we jemgyýetçilik üçin açyk bolmadyk kazyýet işlerinden soň uzak möhletli türmä basylyp, şol ýerde hem aradan çykdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.