Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Tanymal gürji žurnalisti Gwaramiýa türme tussaglygyna höküm edildi

Tanymal oppozisiýa žurnalisti Nika Gwaramiýa korrupsiýa aýyplamalary bilen 3 1/2 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi, tarapdarlary bu aýyplamanyň syýasy sebäplidigini aýdyp, onuň azat edilmegine çagyrýarlar.

Tbilisiniň şäher kazyýeti 16 maýda 45 ýaşly žurnalisti we aklawçyny 2019-njy ýylda "Rustavi 2" teleýaýlymynyň baş direktory bolup işlän wagtynda öz ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmakda günäli tapdy.

Kazy Laşa Çhikwadze Gwaramiýany ogurlykda hem günäkär tapdy we bu aýyplama üçin 50 000 lar (16,300 dollar) jerime tölemegi buýurdy.

Emma Gwaramiýa pul ýuwmak, parahorluk we galplyk aýyplamalaryndan aklandy.

Kazyýet “Rustavi 2” teleýaýlymynyň öňki maliýe müdirini, Gwaramiýanyň egindeşi Kakhaber Dameniýany hem ogurlykda günäkär tapdy we oňa hem 50 000 lar jerime tölemegi buýurdy.

Beýleki bir günäkärlenýän, “Inter Media Plus” habarlar gullugynyň müdiri Zurab Laşwili ähli aýyplamalaryndan aklandy.

“Transparency International-Georgia” Gwaramiýanyň günäkär tapylmagyny ýazgardy we häkimiýetleriň ondan žurnalistik işi üçin ar alandygyny öňe sürdi.