Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Tehas mekdebindäki ýaragly hüjümde 19 çaga, iki uly adam öldürildi

ABŞ-nyň günortasyndaky Tehas ştatynyň Uwalde şäherindäki başlangyç mekdepde bolan ýaragly hüjümde başky habara görä azyndan 14 çaga we bir mugallym öldi. Hüjümde güman edilýän adamyň polisiýa tarapyndan atylyp öldürilendigi habar berildi.

Biraz soň amerikan metbugaty ölenleriň sanynyň 20-den geçendigini habar berdi.

Tehasyň Jemgyýetçilik howpsuzlygy departamentiniň maglumatyna görä, ikinji gün Tehasyň Uvalde şäherindäki Robb başlangyç mekdebinde bolan atyşykda azyndan 19 çaga we iki uly adam öldi.

CCN-niň resmileriň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, 18 ýaşly Salwador Ramos diýlip atlandyrylan ýaragly adam mekdebe baryp, çagalary oka tutmazyndan öň enesini tüpeňläpdir we ol agyr ýagdaýda keselhana ýerleşdirilipdir.

Şatat gubernatory Greg Abbottyň ýatmagyna görä, hüjümçi binanyň içine ýaragly girip, ot açypdyr.

Mekdep ýedi ýaşdan 10 ýaş aralygyndaky çagalar üçin niýetlenen bolup, hüjümde güman edilýän adam 18 ýaşynda eken.

Hüjümde azyndan 15 adam ýaralandy we gijesi bilen hassahanalarda galdy.

Olaryň ikisiniň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar.

Deslapky maglumatlara görä, hüjümçi ýekelikde hereket edipdir. Hüjümiň sebäbi belli däl.