Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Türkiýe Ukrainada duran gallany çykarmak mümkinçiliklerine umytly garaýar

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu özüniň rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen Ukrainanyň deňiz portlarynda duran galla hasylynyň eksportyny gaýtadan ýola goýmak boýunça plan babatyndaky gepleşiklerde öňegidişlikleriň gazanylandygyny aýtdy.

Şol bir wagtda, Ýewropa Bileleşiginiň resmileri dünýädäki ýetip gelýän azyk krizisiniň arasynda, Russiýany azyk serişdelerini öz bähbidine ýarag hökmünde ulanmakda aýypladylar.

Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan esassyz urşunyň arasynda ýurduň deňiz portlaryny böwetlemegi bilen, dünýäniň esasy galla eksportýorynyň biri Ukraina toplan hasylyny daşary ýurtlara çykaryp bilmeýär. Basybalyjy rus goşunlary Ukrainanyň galla ammarlaryny hem nyşana tutýarlar.

Çawuşoglu 8-nji iýunda eden çykyşynda Ukrainanyň oba-hojalyk önümleriniň howpsuz geçmegi üçin halkara jemgyýetçiliginiň hemaýatynyň gerek boljakdygyny duýdurdy. Ol muny amal edip boljakdygyna ynanýandygyny hem sözüne goşdy.

Lawrow emele gelen ýagdaý boýunça ýene Ukrainany günäkärledi. Rus prezidenti Wladimir Putin bolsa, islendik gallanyň çykarylyp bilinmegi üçin, Russiýa girizilen halkara sanksiýalaryň ýatyrylmalydygyny aýtdy.

Günbatar hökümetleri bular ýaly ädimi ret etdiler we Russiýany global iýmit ýollaryny ýarag hökmünde ulanmakda aýypladylar.