Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Türkmen prezidenti Türkiýä sapar eder

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýä sapar eder, bu barada Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň türkmen kärdeşiniň doglan gününe iberen gutlag hatynda aýdylýar. Emma saparyň anyk haçan boljakdygy aýdylmaýar.

Türkmen metbugaty türk lideriniň gutlagynyň bazar gününde çap edilendigini we onuň “ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, abraýly halkara guramalaryň, hususan-da, Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerindäki özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna berk ynanýandygyny” belleýär.

Bu habar Türkiýäniň türkmenistanlylar üçin wiza düzgünini girizip, Türkmenistandaky agyr işsizlik zerarly ençeme ýyl Türkiýede ýaşan türkmen migrantlaryny köpçülikleýin, öz islegleriniň garşysyna, mejbury deportasiýa edýän wagtynda çykdy.

Iki prezidentiň duşuşygynda Türkiýede ýaşaýan on müňlerçe türkmen migranty barada maslahat ediljekdigi ýa däldigi habar berilmeýär.