Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Türkmen resmisi ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew 9-njy iýunda Birleşen Ştatlaryň Owganystan meseleleri boýunça ýörite wekili Tomas West bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşdy. Bu barada türkmen DIM-i habar berýär.

“Duşuşygyň barşynda taraplar Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda özara hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar” diýip, ministrlik aýtdy.

Ministrlik duşuşyk barada çap eden gysga habarynda Owganystanda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi üçin ugurlaryň bilelikde işlenilip düzülmeginiň hem-de bu ýurt bilen ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygynyň nygtalandygyny aýtdy.

Owganystan bilen arada 800 kilometrden gowrak serhedi bolan Türkmenistan “Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan” (TOPH) gaz geçiriji taslamasy we “Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan” ( TAT) demirýol taslamasy ýaly halkara proýektler boýunça Owganystan bilen hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýändigini aýdýar.

Awgust aýynda Kabulda häkimiýeti ele geçiren “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti şu wagta çenli dünýäniň hiç bir ýurdy tarapyndan ykrar edilmedi.