Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

"Watan prezidentiň göti däl." DDT toparynyň aýdymçysyna konsertde aýdan sözleri üçin protokol düzüldi

DDT toparynyň lideri Ýuriý Şewçuga garşy "Watan prezidentiň göti däl" diýen sözleri sebäpli protokol düzüldi diýip, "Häzirki zaman" TW-si Ufanyň “Radus” prodýuserler merkeziniň müdiri Radmir Usaýewiň Instagram hasabyna salgylanyp habar berdi.

Onuň sözlerine görä, DDT toparynyň 18-nji maýda Ufada geçirilen konsertinden soň bu ýere gelen howpsuzlyk wekilleri Ýuriý Şewçugyň konsertde uruş we Watan hakynda aýdan zatlary barada bir sagatlap söhbetdeşlik geçirdiler.

Polisiýa başda Şewçugy tussag etmek isledi, ýöne soňra düzen protokollaryny gol çekmek üçin berip, çykyp gitdiler diýip, Usaýew gürrüň berdi.

"[Protokol] näme hakynda, muny siziň özüňiz çaklap bilersiňiz" diýip, prodýuser başga jikme-jiklikleri görkezmän ýazdy.

Şewçugyň sorag edilendigi, oňa garşy protokol taýýarlanandygy barada resmi maglumat berilmedi.

18-nji maýda sosial ulgamlarda DDT toparynyň beren konsertinden wideo ýerleşdirildi, onda Şewçuk “Watan, dostlar, bu hemişe öllär we öper ýaly, prezidentiň göti däl. Watan wokzalda ýeralma satýan garyp ene. Ine, şol watan” diýýär.

Tomaşaçylar bu sözleri el çarpyşmalar we şatlyk bilen garşy alýar.

Aprel aýynda Ýuriý Şewçugyň rus goşunyny goldaýan ullakan Z harpynyň fonunda çykyş etmekden ýüz öwürmegi sebäpli, DDT toparynyň Týumene geçmeli konserti ýatyryldy.