Turkmenistan

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy we Britaniýanyň hökümeti Türkmenistana sapar edýän raýatlary üçin saglyk duýduryşyny ýaýratdy

Dünýäde täze koronawirusdan ýogalanlaryň sany tas 1900 adama ýeten mahaly, Birleşen Ştatlaryň we Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanalary Türkmenistanda bu wirus bilen bagly görülýän çäreler barada saglyk duýduryşyny ýaýratdy.

17-nji fewralda çap edilen maglumatda ABŞ-nyň ilçihanasynyň Türkmenistanda koronawirus bilen bagly haýsydyr bir wakanyň hasaba alnandygy barada habarly däldigi aýdylýar.

“Muňa garamazdan, Türkmenistanyň hökümeti bu wirusyň hasaba alnandygyny tassyklan ýurtlaryň, şol sanda Birleşen Ştatlaryň raýatlary we ýakynda şol ýurtlara sapar eden syýahatçylar türkmen serhedine gelende, olaryň käbir saglyk çäreleri bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny yglan etdi. Olar serhet barlag nokatlarynda we portlarda deslapky saglyk barlaglaryndan geçiriler we olardan goşmaça saglyk barlaglaryndan geçmek talap edilip bilner” diýlip, Aşgabatdaky amerikan ilçihanasynyň resmi websaýtynda aýdylýar.

Şeýle-de, maglumatda syýahatçylar Türkmenistana goýberilmezden öň, olaryň – takyklaşdyrylmadyk wagt möhleti bilen – karantinde saklanmagynyň hem mümkindigi duýdurylýar.

“Bu ähtimallyk nazara alnyp, syýahatçylara özlerine zerur bolan dermanlaryň goşmaça mukdaryny we ýerli syýahatçylyk operatorynyň telefon belgisi ýaly möhüm aragatnaşyk maglumatlaryny öz el sumkalarynda saklamak berk maslahat berilýär. Eger karantinde saklanmak bilen ýüzbe-ýüz bolsaňyz, ýa-da gan almak ýaly medisina proseduralaryndan geçmezden öň, ABŞ-nyň ilçihanasynyň gyssagly telefon belgilerine jaň ediň” diýlip, ilçihananyň maglumatynda aýdylýar.

Beýik Britaniýanyň hökümet websaýtynda çap edilen duýduryşda-da Türkmenistanda koronawirusa ýolugan adamlaryň hasaba alnandygy barada maglumatyň ýokdugy aýdylýar. Ýöne ýolagçylaryň Aşgabadyň halkara aeroportunda we serhet barlag nokatlarynda deslapky medisina barlaglary bilen ýüzbe-ýüz boljakdygy bellenilýär.

“Respirator infeksiýasynyň alamatlary bolan ýolagçylar ýokanç keseller klinikasyna alnyp gidiler we goşmaça saglyk barlaglaryndan geçiriler. Şeýle-de, olardan 2-7 gün klinikada galmak talap edilip bilner” diýip, britan hökümeti ýazýar.

Şol bir wagtda, britan hökümeti Türkmenistanda saglyk pudagynyň hiliniň we ​ işgärleriň hünär ýetişiginiň pesligi, derman serişdeleriniň hem-de desgalaryň ýetmezçiligi sebäpli saglyk bejergisiniň ähtibarsyz, hatda oýlanyşyksyz bolup biljekdigini hem duýdurýar.

ABŞ-nyň ilçihanasy-da, Türkmenistandaky ähli medisina protokollarynyň Birleşen Ştatlaryň standartlaryna laýyk gelýändigine kepil geçip bilmeýändigini aýdyp, öz raýatlaryna gan almak we sanjym etmek ýaly medisina proseduralaryny ret etmegi maslahat berýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri Hytaýda dörän we dünýä ýaýraýan täze koronawirusy resmi dereje agzap, diňe bir gezek maglumat ýaýratdy. Onda ýurduň çäklerini onuň ýaýramagyndan goramak üçin ähli zerur çäreleriň görlendigi, şol sanda wirusyň bardygy tassyklanan ýurtlardan gelýänlere gözegçilik edilýändigi habar berildi.

18-nji fewralda dünýäde täze kononawirusa ýolugan adamlaryň jemi sany 72000-den aşdy we bu wirusdan ölenleriň sany tas 1900 adama ýetdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.