logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo
star Bookmark: Tag Tag Tag Tag Tag
Turkmenistan

Aşgabadyň dükanlary nobatlary ýaşyrmak üçin alyjylary diňe arka gapydan kabul edýär

Aşgabadyň döwlete degişli azyk dükanlarynda adamlaryň uly nobatlary saklanyp galýar. Häzirki wagt ýollaryň gyrasynda ýerleşýän döwlet dükanlary, nobatlary ýaşyrmak üçin, alyjylardan diňe arka tarapdaky gapylarda nobata durmagy talap edýärler.​

“Döwlet dükanlarynyň esasy gapylarynda adamlar nobata durmaly däl. Haryt aljak bolsaň, arka tarapyndaky gapysyndan barmaly. Dükanlaryň baş gapysyna içinden gulp urupdyrlar. Olaryň gapysyny kakanyňda, içindäki işgär arka gapydan barmagy talap edýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan aşgabatly habarçy 13-nji fewralda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, muny ýol ugrunda ýerleşýän dükan satyjylarynyň tas ählisi talap edýär. Olar bu talabyň sebäplerini “dükanyň öňünde üýşüp duran adamlary ýurda gelen myhmanlar görmeli däl” diýip düşündirýärler.

Habarçy aşgabatlylaryň irden sagat 6 töwereginde dükanlaryň arka tarapyndaky gapylarynyň öňünde nobata durup başlaýandygyny we olaryň sanynyň onlarçadygyny aýdýar.

“Bu ýaşaýjylar arzan bahadan un, şeker, ýumurtga we towuk buduny satyn almaga synanyşýarlar. Ýöne olar bularyň ählisini bir günde, bir dükandan alyp bilmeýärler. Sebäbi bir gün bir dükanda diňe ýumurtga ýa-da towuk budy satylýar. Soňky gün başga zat satuwa çykarylýar” diýip, habarçy belledi.

Türkmenistanda indi üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ýurduň welaýatlaryndaky hem-de paýtagt Aşgabatdaky döwlet dükanlarynda un, çörek, şeker, ösümlik ýagy we towuk budy ýaly azyk harytlarynyň gytçylygy dowam edýär.

Hususy söwda nokatlarynda azyk we senagat önümleriniň bahalary döwlet nyrhlary bilen deňeşdireniňde gymmatlygynda galýar. Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary ilat arasynda döwlet dükanlaryndan azyk harytlaryny satyn almaga islegiň uludygyny aýdýarlar.

Bu habarlaryň fonunda, ýurtda býujet işgärleriniň zähmet haklarynyň öz wagtynda berilmezligi we bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi bilen bagly ýagdaýlar hem ýygy-ýygydan ýüze çykýar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtdaky ykdysady kynçylyklary aç-açan boýun almaýarlar. Onuň ilata ýetirýän täsirleri barada-de mesele gozgalmaýar.

Aziýanyň ösüş bankynyň 2019-njy ýyl üçin yklymyň ösüş çaklamalary boýunça çap eden soňky hasabatynda türkmen ykdysadyýetiniň kynçylykly şertleri ykrar edilýär.

Şeýle-de, Halkara pul gaznasynyň ekspertleri Türkmenistanyň hökümetine durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin döwlet inwestisiýalaryny azaltmagy we manadyň konwertasiýa mümkinçiliklerini ösdürmegi maslahat berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Themes
ICO