Turkmenistan

Eýranda parlament saýlawlary geçýär

21-nji fewralda eýranlylar ýurduň parlament saýlawlarynda ses berýärler. Saýlawlarda dalaş edýänleriň ählisi aşa yslamçy ruhanylar tarapyndan gözden geçirildi. Munuň netijesinde, reformaçy we aram dalaşgärleriň müňlerçesi saýlawlara goýberilmedi.

Eýranyň Goragçylar Geňeşiniň konserwatiw ruhanylary umumy hasapda 7 müň 148 dalaşgäri ykrar etdiler.

Geňeş 290 orunlyk parlamente dalaş etmekçi bolan 9 müň töweregi eýranlynyň arzasyny ret etdi.

Saýlaw uçastoklary ýerli wagt bilen ir sagat 8-de açylyp, olar ikindin 6-da ýapylarlar.