Turkmenistan

Pompeo saud liderleri bilen Eýrany maslahat eder

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeonyň (Mike Pompeo) 20-nji fewralda Saud Arabystanynyň liderleri bilen duşuşyp, Eýrany maslahat etmegine garaşylýar.

Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, Pompeo 19-njy fewralda Riýadha gelipdir. ABŞ resmisi şa Salman, onuň ogly, täsirli täç geýdirilen şazada Mohammad bin Salman, şeýle-de daşary işler ministri Faýsal bin Farhan bilen duşuşar.

“Biz howpsuzlyk meseleleri, hususanda Eýran Yslam Respublikasyndan abanýan howp barada köp gürrüň ederis” diýip, Pompeo saparyň öňüsyrasy aýtdy.

Riýadh Eýran bilen dawasynda Waşingtonyň ýakyn ýaranydyr.

Sünni musulman ýurdy bolan Saud Arabystany Ýakyn Gündogardaky täsir üstünde şaýylaryň dolandyrýan Eýran döwleti bäsdeşlik edýär.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlary 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykaranyndan soň, Waşington bilen Tähranyň gatnaşyklary ýitileşip başlady.

ABŞ-nyň baş diplomaty Waşingtonyň “islendik wagty gepleşiklere başlamaga taýýardygyny”, emma munuň üçin eýranlylaryň “öz çemeleşini düýpgöter üýtgetmelidigini” nygtady.