Turkmenistan

Ukrainanyň ewakuasiýa uçary Hytaýa ugrady

Ukrainanyň uçary Hytaýda koronawirusyň episentri bolan Wuhan şäherinden ukrain we daşary ýurtly raýatlary ewakuasiýa etmek üçin ýola düşdi.

Uçar ilki Gazagystanyň Almaty şäherinde gonuşy amala aşyrar, ondan soň hem Hubeý welaýatynyň paýtagtyna tarap ugrar. Mundan bir gün öň, Wuhanda 132 adamyň ölendigi habar berildi.

Pekin COVID-19 wirusyndan umumy hasapda 2 müň 4 adamyň ölendigini aýdýar.

Hytaýda wirusa ýoluganlaryň sany 74 müň 185-e ýetdi. Dünýäniň beýleki döwletlerinde wirus bilen 700 töweregi adamyň keselländigi bellenilýär.

Ukrain uçarynyň Kiýewe 20-nji fewralda dolanmagyna garaşylýar.

Mundan öň, Ukrainanyň Saglyk ministrligi 49 ukrain we 25 daşary ýurtly raýatyň ewakuasiýa ediljekdigini aýtdy. Olar Ukraina gonandan soňra 14 günläp karantinde saklanar.